logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Society /Türkmenistanlylaryň 2312-si haj parzyny berjaý eder!
  08.06.2023
1196
Türkmenistanlylaryň 2312-si haj parzyny berjaý eder!

Ata-babalarymyzdan miras galan milli gymmatlyklarymyza, özboluşly däp-dessurlarymyza we dini ynanç-ygtykatlarymyza uly sarpa goýulýar hem-de olary berjaý etmäge ähli mümkinçilikler döredilýär. Hormatly Prezidentimiziň ýakyndan hemaýat we ýardam bermegi bilen ildeşlerimiz her ýylda mukaddes Mekge we Medine şäherlerine haj parzlaryny berjaý etmekleri üçin zyýarata iberilýär.

Beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly atamyzyň «Imanym ýoldaş bolsa, barsam Käbäni görsem» diýip belleýişi ýaly, her bir musulmanyň arzuw edýän amallarynyň biri hem Allatagalanyň ýer ýüzündäki öýi hasaplanýan mukaddes Käbä zyýarat etmekdir.

Türkmenistanyň Müftüsiniň müdiriýeti, 2023-nji ýylyň haj möwsüminde 2312 sany ildeşlerimizi haj parzyny berjaý etmekleri üçin Saud Arabystany Patyşalygyna ibermegi meýilleşdirýär. Haj parzy Gurban baýramynyň bellenilýän günlerinde berjaý edilýär. 2023-nji ýylda Gurban baýramy iýun aýynyň 28-29-30-y günlerine gabat gelýär.

Şeýle hem, şu ýyl haj zyýaratyna gitjek ähli ildeşlerimizi ilkinji gezek Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenhowaýollary» agentligi tarapyndan ýörite gatnaw arkaly Saud Arabystany Patyşalygyna eltilip-getirilmegi üpjün edildi. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir» diýen baş şygarynyň durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Ildeşlerimiziň mukaddes ýerlerde amal etjek tagat-ybadatlaryny, okajak doga-dileglerini Gudraty Güýçli Allatagala kabul etsin!

 

TDH.