logo

Latest news:
✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦ ✦ Duşenbe şäherinde Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisine bagyşlanyp maslahat geçirildi ✦ ✦ “IWISE Global Final London 2026” halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň mekdep okuwçylary uly üstünlik gazandylar ✦ ✦ Ahalda “Ýigit” pomidor we paprika önümçiligini giňeldýär ✦ ✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦ ✦ Ahal miweleri «Erem» brendi bilen dünýä bazaryna çykýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda senagat önümleri daşary ýurt bazarlarynyň ünsüni çekýär ✦
Home / Technology /Türkmenistany «4G» bilen doly üpjün etmek üçin enjamlar satyn alyndy
  12.11.2022
1169
Türkmenistany «4G» bilen doly üpjün etmek üçin enjamlar satyn alyndy

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel-2022» atly halkara forum geçirildi. Oňa ýurdumyzdan hem-de 18 ýurda wekilçilik edýän 30 sany kompaniýalaryň we guramalaryň 100-e golaý daşary ýurtly wekilleri gatnaşdy.

«Türkmentel-2022»  Halkara maslahatynyň dowamynda, «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň başlygy Hajymyrat Hudaýgulyýew ýurdumyzyň telekommunikasiýa pudagyny mundan beýläk-de ösdürmegiň ýagdaýy hem-de geljegi barada belläp geçdi.

Şoňa görä, Türkmenistanda internetiň maglumatlary multiserwis taýdan geçiriş ulgamyny giňeltmek we döwrebaplaşdyrmak üçin bahasy ABŞ-nyň 80 million dollaryndan gowrak bolan enjamlar satyn alyndy we gurnaldy. Şeýle hem Türkmenistany 4G bilen birlikde, ykjam aragatnaşyk bilen doly we hemme ýerlerde üpjün etmek üçin ABŞ-nyň 100 million dollaryndan gowrak bolan enjam satyn alyndy. Mundan başga-da ähli ilatly ýerlere radiogepleşikleriň doly ýetirilmegi üçin bahasy ABŞ-nyň 15 millio dollaryndan gowrak bolan radiogeçirijiler işe girizildi. Bahasy ABŞ-nyň 30 million dollaryndan gowrak bolan kesgitlenen aragatnaşyk toruny giňeltmek, bar bolan içerki zolakly ulag ulgamyny kämilleşdirmek boýunça işler alnyp barylýar.