logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Politics /Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň ulag ulgamynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi
  14.12.2022
950
Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň ulag ulgamynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi

13-nji dekabrda, Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň we Türkiýe Respublikasynyň degişli ulgamlarynyň ýolbaşçylary dünýä ykdysadyýetiniň möhüm ugurlarynyň biri bolan ulag ulgamynda döwletara hyzmatdaşlygynyň wajyp meselelerini we geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşygyň gün tertibine ýolagçylary we ýükleri deňiz, awtomobil hem-de demir ýollar arkaly gatnatmagyň häzirki zaman düzümlerini döretmek boýunça özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň giň gerimli meseleleri girizildi.

Üç ýurduň degişli guramalarynyň demirýol arkaly gatnawlaryny ösdürmek boýunça degişli çäreleri kabul etmäge hem-de bäsleşige ukyply nyrhlary döretmek boýunça ylalaşygyň taslamasyny we demirýol ulagy arkaly gatnawlar amala aşyrylanda şertleri işläp taýýarlamaga degişli meseleler giňden ara alnyp maslahatlaşyldy.

Awtomobil ulaglary arkaly gatnawlar üçin amatly şertleriň döredilmegi we sazlaşdyrylmagy duşuşygyň esasy meseleleriniň hatarynda boldy. Şunuň bilen baglylykda, wizalary bermegiň gurallaryny işläp taýýarlamagyň mümkinçiliklerine garaldy.

Şeýle hem demirýol, awtomobil we deňiz ulaglary arkaly konteýner daşamalaryny ösdürmek maksady bilen, konteýnerli daşamalaryň ýeke-täk guralyny işläp taýýarlamakda hem-de oňaýly nyrh şertlerini döretmekde üç ýurduň degişli düzümleriniň gatnaşyk etmegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşyga gatnaşyjylar kiberhowpsuzlyk hem-de täzeçil tehnologiýalar ulgamynda hünärmenleriň arasyndaky hyzmatdaşlyk barada aýdyp, tejribe alyşmak üçin forumlary we maslahatlaşmalary guramagyň zerurdygy hem-de bu ulgamda işgärleri taýýarlamak we täzeden taýýarlamak boýunça gurallary işläp taýýarlamak barada özara pikirlerini beýan etdiler. 

 

«Türkmenistan Altyn asyr»