logo

Soňky täzelikler:
✦ Bitaraplyk — türkmen halkynyň synmaz ýoly ✦ ✦ Dil bilen dünýäni gezer ✦ ✦ Ýaşlar — Watanymyzyň geljegi ✦ ✦ Bilim bermekde okuwçynyň pikirleniş ukybyny ösdürmek möhümdir ✦ ✦ Garabogaz - Gazagystan serhetýaka awtomobil ýolunyň 44 kilometrlik bölegi açyldy ✦ ✦ Daşoguzda ýylda 700 müň tonna azotly dökün öndürjek toplum gurlar ✦ ✦ Daşoguzda pagta çigidini gaýtadan işleýän täze kärhana gurlar ✦ ✦ Aşgabat - Daşoguz awtomobil ýoly täze tapgyrda ulanylmaga beriler ✦ ✦ Daşoguz welaýatynda ulag we senagat ösüşiniň täze taslamalaryna badalga berildi ✦ ✦ Ykdysadyýetiň görnüşleriniň ösüşi ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Türkmenistanyň çäginden Gazagystan-Türkiýe ýük otlusy geçdi
  21.06.2022
1327
Türkmenistanyň çäginden Gazagystan-Türkiýe ýük otlusy geçdi

Geçen anna güni ýurdumyzyň çäginden Gazagystan-Türkmenistan-Eýran-Türkiýe ugry boýunça ilkinji ýük otlusy geçdi. Otly ýurdumyzyň üsti bilen şenbe güni Eýranyň Tähran stansiýasyna bardy.

“Kazakhstan Temir Zholy” kompaniýasynyň beren maglumatlaryna görä, täze logistiki çözgüt, esasan, wagt tygşytlylygy sebäpli ýük daşaýjylar üçin özüne çekijidir. Bu otly 6 müň 300 kilometrden gowrak aralygy 12 günüň dowamynda geçer we bu Hazar deňziniň üsti bilen geçýän ulag ugry bilen deňeşdirilende çaltdyr.