logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Politics /Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň beýanaty
  02.03.2026
397
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň beýanaty

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Ýakyn Gündogar sebitinde ýagdaýyň ýitileşmegi bilen baglylykda çuňňur aladalanma bildirýär hem-de ýüze çykan dartgynlylygyň häzirki wagtda dowam etdirilýän syýasy-diplomatik tagallalaryň fonunda ýüze çykmagynyň gynandyryjy ýagdaýdygyny belleýär.

Türkmenistanyň halkara jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilen hemişelik bitaraplyk hukuk derejesine eýe döwlet hökmünde, ähli halkara düşünişmezlikleriň we çylşyrymly meseleleriň diňe parahatçylykly ýol bilen, syýasy-diplomatik serişdeleriň netijeli ulanylmagy arkaly, Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasyna hem-de halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda çözülmelidigini prinsipial esasda nygtaýar.

Türkmen tarapy sebitde durnuklylygyň, howpsuzlygyň we parahatçylygyň üpjün edilmegine gönükdirilen halkara tagallalary goldaýandygyny beýan edýär hem-de ähli gyzyklanýan taraplary dartgynlylygyň has-da güýçlenmeginiň öňüni almaga gönükdirilen konstruktiw dialoga çagyrýar.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Metbugat gullugy
2026-njy ýylyň 2-nji marty