logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Culture /Türkmenistanyň döredijilik wekiliýeti Azadynyň we Pyragynyň aramgählerine zyýarat etdiler
  20.05.2023
771
Türkmenistanyň döredijilik wekiliýeti Azadynyň we Pyragynyň aramgählerine zyýarat etdiler

17 – 19-njy maý aralygynda Mejlisiň deputatlarynyň, ýurdumyzyň medeniýet, sungat, ylym-bilim işgärleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, il sylagly ýaşulularyň, şeýle hem jemgyýetçilik birleşikleriniň wekillerinden ybarat bolan Türkmenistanyň döredijilik wekiliýeti Eýran Yslam Respublikasynyň Gülüstan welaýatynyň Aktokaý obasynda ýerleşýän Döwletmämmet Azadynyň we Magtymguly Pyragynyň aramgählerine zyýarat saparyny amala aşyrdylar.

Saparyň dowamynda ýurdumyzyň döredijilik wekiliýeti Eýran Yslam Respublikasynyň Gülüstan welaýatynyň Inçeburun şäherinde Türkmenistanyň bu ýurtdaky ilçihanasynyň wekilleri, şäher häkimliginiň, medeniýet ulgamynyň ýolbaşçylary, kowçum bolup ýaşaýan türkmenleriň köp sanlysy tarapyndan mähirli garşylandy. Şäheriň merkezindäki döredijilik öýüniň meýdançasynda eýranly türkmenleriň medeniýet we sungat ussatlary tarapyndan taýýarlanan çykyşlara tomaşa edildi. Bu ýerde milli tanslarymyz, türkmen halk aýdymlary ýerine ýetirildi.

Türkmenleriň kowçum bolup ýaşaýan şäherleriniň biri bolan Gülüstan welaýatynyň Marawadepe şäherinde Döwletmämmet Azadynyň we Magtymguly Pyragynyň hatyrasyna, şeýle-de türkmen-eýran dostlugynyň hormatyna sadaka berlip, ýagşy doga-dilegler edildi. Soňra aramgähiň çäginde döredilen dabara meýdançasynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününe bagyşlanan baýramçylyk çäresi geçirildi. Dabarada eýranly türkmenleriň medeniýet we sungat ussatlary, ýazyjy-şahyrlary, alymlar hem çykyş etdiler, söz ussadynyň goşgularyndan çeper okaýyşlar ýerine ýetirildi.

Ýeri gelende belläp geçsek, aramgähiň  çägindäki şeýle dabara her ýylyň maý aýynyň ikinji ongünlüginde geçirilip, oňa Eýranyň dürli künjeklerinde kowçum bolup ýaşaýan türkmenleriň müňlerçesi gatnaşýar. Şu gezekki dabara bolsa, deslapky maglumatlara görä, eýranly türkmenleriň elli iki müňe golaýy gatnaşdy.