logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Science and Education /Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty açyk halkara internet-olimpiadasyna çagyrýar
  21.03.2022
1258
Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty açyk halkara internet-olimpiadasyna çagyrýar

Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty nazary mehanika boýunça I Açyk halkara internet-olimpiadasyny geçirer. Institut ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw jaýlarynyň talyplaryny oňa gatnaşmaga çagyrýar.

Olimpiada ähli ýokary okuw mekdeplerinde okaýan talyplar gatnaşyp bilerler. Bäsleşik şahsy we toparlaýyn ýaryşlar görnüşinde türkmen, rus we iňlis dillerinde geçiriler. Olimpiadadaky ugurlar boýunça her bir ýokary okuw mekdepden 5 talyp gatnaşyp biler.

Olimpiadalaryň tabşyryklary olimpiadanyň geçiriljek güni Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň resmi web-saýtynda ýerleşdiriler. Web sahypanyň Ýaryşlar bölüminde olimpiada gatnaşmak isleýänler üçin bellige alyş hyzmaty açylandyr. Arzalar şu ýylyň 30-njy apreline çenli kabul ediler.

Bu halkara olimpiada şu ýylyň maý aýynyň 10-yndan 14-ine çenli aralykda geçiriler. Olimpiadanyň jemleýji güni nazary mehanikany iň gowy bilýänleriň atlary yglan ediler we olar degişli derejeli diplomlar bilen sylaglanar.