logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Society /Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda maslahat geçirildi
  28.03.2022
882
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda maslahat geçirildi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda «Ýurdumyzda üstaşyr ulag geçirijiligi we logistikany ösdürmek, ýurdumyzyň çäginden geçýän üstaşyr ulag geçelgeleriniň özüne çekijiligini ýokarlandyrmak» atly pudagara maslahat geçirildi.

Geçirilen pudagara maslahata Gullugyň harby gullukçylary, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň düzüm birlikleriniň hem-de «Türkmen Logistika» assosiasiýasynyň, Türkmenistanyň halkara awtoulagly daşaýjylarynyň assosiasiýasynyň wekilleri hem-de Türkmenistanyň telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy we talyplary gatnaşdylar.

Maslahatyň barşynda sorag-jogap alşylyp, teklipler jemlenildi, işde ýüze çykýan soraglar ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de agzalan ugur boýunça öňde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmekde ýakyn geljekde ýerine ýetirilmeli çäreler kesgitlenildi.