logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Economics /Türkmenistanyň energetika strategiýasy: milli bähbitlerden halkara hyzmatdaşlyga
  16.01.2026
301
Türkmenistanyň energetika strategiýasy: milli bähbitlerden halkara hyzmatdaşlyga

Energetika ulgamy Türkmenistanyň döwlet syýasatynda strategik ähmiýete eýe bolan ugurlaryň biridir. Garaşsyzlyk ýyllarynda bu ulgam milli bähbitlere laýyklykda ösdürilip, häzirki wagtda halkara derejesinde möhüm hyzmatdaşlyk platformasyna öwrüldi. Energetika strategiýasynyň esasy maksady tebigy serişdeleriň netijeli peýdalanylmagyny üpjün etmek bilen bir hatarda, ýurdumyzyň ykdysady howpsuzlygyny pugtalandyrmakdan ybaratdyr.

 

Türkmenistanyň energetika strategiýasy köpugurlylygy bilen tapawutlanýar. Tebigy gaz, elektrik energiýasy, nebithimiýa önümleri ýaly ugurlar özara sazlaşykly ösdürilýär. Gazhimiýa toplumlarynyň gurulmagy energiýa serişdelerini diňe bir çig görnüşde däl, eýsem ýokary goşmaça baha döredýän taýýar önümler hökmünde bazara çykarmaga mümkinçilik berýär. Bu bolsa milli ykdysadyýetiň diwersifikasiýalaşmagyna möhüm goşant goşýar.

 

Energetika ulgamynyň halkara ölçegi aýratyn ähmiýete eýedir. Türkmenistan energiýa serişdelerini ibermekde ygtybarly, syýasy taýdan bitarap hyzmatdaş hökmünde tanalýar. Türkmenistan–Hytaý gaz geçirijisi, sebitara elektrik geçiriji taslamalar ýurdumyzyň halkara energetika kartasyndaky ornuny has-da pugtalandyrdy. Şeýle taslamalar diňe ykdysady peýda getirmek bilen çäklenmän, ýurtlaryň arasynda ynamly hyzmatdaşlygy hem ösdürýär.

 

Soňky ýyllarda dünýä energetika bazary täze talaplar bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Energiýanyň ýaşyl görnüşlerine geçiş, uglerod zyňyndylarynyň azaldylmagy, energiýa tygşytlylygy ýaly meseleler Türkmenistanyň energetika syýasatynda hem öz beýanyny tapýar. Ýurdumyzda ýokary netijelilikli enjamlar, häzirki zaman tehnologiýalar ulanylýar, täze taslamalar halkara ekologik standartlara laýyklykda amala aşyrylýar.

 

Türkmenistanyň energetika ulgamynda adam maýasyna aýratyn ähmiýet berilýär. Ýokary okuw mekdeplerinde energetika boýunça hünärmenler taýýarlanylýar, daşary ýurt tejribesi öwrenilýär, ylmy-barlag merkezleri döredilýär. Bu bolsa ulgamyň uzak möhletli ösüşini üpjün edýän möhüm şertleriň biridir.

 

Şeýlelikde, Türkmenistanyň energetika strategiýasy diňe bir häzirki döwrüň ykdysady meselelerini çözmäge däl, eýsem geljegiň energetika talaplaryna taýýarlyk görmäge gönükdirilendir. Bu strategiýa milli bähbitler bilen halkara hyzmatdaşlygyň sazlaşygyny üpjün edip, ýurdumyzyň durnukly ösüş ýoluny pugtalandyrýar.

 

Şabibi GARAÝEWA,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.