logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Politics /Türkmenistanyň Fransiýadaky täze ilçisi resmi taýdan wezipä girişdi
  22.08.2022
1265
Türkmenistanyň Fransiýadaky täze ilçisi resmi taýdan wezipä girişdi

Türkmenistanyň Fransiýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Maksat Çaryýew Fransiýanyň Ýeliseý köşgüniň Döwlet protokoly we diplomatik çäreler boýunça direktory Filipp Franka öz ynanç hatynyň nusgasyny gowşurdy.

 

 

Duşuşygyň dowamynda Fransiýanyň Döwlet protokolynyň ýolbaşçysy türkmen diplomatyny täze wezipä girişmegi bilen gutlap, oňa işinde üstünlik arzuw etdi. Türkmenistanyň doly ygtyýarly wekili, öz gezeginde, türkmen-fransuz hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de berkitmek ugrunda zähmetini gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.