logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Society /Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi öz işine başlady
  19.09.2025
2008
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi öz işine başlady

Şu gün paýtagtymyzyň «Maslahat köşgünde» türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçirilýär. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

 

Bu mejlis ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda geçirilýär we onuň gün tertibine halkymyzyň abadan hem-de bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşini has-da ilerletmäge gönükdirilen möhüm meseleler girizildi.

 

Mejlise Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Mejlisiň deputatlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, syýasy partiýalaryň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, welaýat, etrap we şäher häkimleri, ýerli halk maslahatlarynyň agzalary, hormatly ýaşulular, mähriban eneler we jemgyýetçilik wekilleri gatnaşýarlar.