logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Society /“Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň dabaralanmagy” atly maslahat geçirildi
  27.03.2025
1438
“Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň dabaralanmagy” atly maslahat geçirildi

2025-nji ýylyň 21-nji martynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde "Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy" atly Kararnamanyň kabul edilmegi mynasybetli Aşgabat şäher häkimliginiň "Mekan" köşgünde ýörite maslahat geçirildi. Bu barada TDH​ habar berdi.

 

Maslahata hökümet agzalary, halkara guramalaryň wekilleri, daşary ýurtly ilçiler, professor-mugallymlar, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri hem-de talyplar gatnaşdylar. Oňa gatnaşyjylar maslahatyň öňüsyrasynda ýaýbaňlandyrylan sergini synladylar we "Ýaşasyn Bitarap Türkmenistan!" atly edebi-sazly kompozisiýany diňlediler.

 

Maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň kabul eden Kararnamasy mynasybetli hormatly Prezidentimize iberen Gutlagy okaldy. Çykyş edenler bu resminamanyň kabul edilmeginiň Türkmenistanyň halkara abraýynyň ýokarlanýandygynyň subutnamasydygyny nygtap, hormatly Prezidentimizi we türkmen halkyny tüýs ýürekden gutladylar.

 

Bu waka "Türkmen diplomatiýasynyň nobatdaky taryhy ýeňşi" hökmünde häsiýetlendirip, Türkmenistanyň parahatçylyk döredijilik syýasatynyň dünýäde giňden ykrar edilýändiginiň nyşanydyr.

 

Şageldi Ataýew,

Kerki etrabynyň prokurorynyň kömekçisi,
3-nji derejeli ýurist.