logo

Latest news:
✦ Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda golýazmalary öwrenmek boýunça ylmy hyzmatdaşlyk başlandy ✦ ✦ Dünýädäki iň döwrebap robot haýsy? ✦ ✦ TOHU-da ykdysadyýet ugrunda möhüm meseleler boýunça pikir alyşma duşuşygy geçirildi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 109-njy maslahatyna gatnaşdy ✦ ✦ Saglygy goraýyş ulgamynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy ösdürilýär ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti «Energoprom-2026» halkara forumyna gatnaşdy ✦ ✦ Azat Annadurdyýew: Sanly arheologiýa uly mümkinçilikleri açýar ✦ ✦ Kompýuter tehnologiýasynyň ösüşi ✦ ✦ Talyplar we ýaş telekeçiler eksport boýunça amaly maslahatlar aldy ✦ ✦ TOHU-da ýaşlaryň marketing bilimini artdyrmak üçin açyk sapak guraldy ✦
Home / Science and Education /Türkmenistanyň mekdep okuwçylary Halkara Žautykow olimpiadasynda üstünlik gazandy
  19.01.2026
427
Türkmenistanyň mekdep okuwçylary Halkara Žautykow olimpiadasynda üstünlik gazandy

Aşgabat şäheriniň iňlis dili çuňlaşdyrylyp öwredilýän ýöriteleşdirilen 135-nji orta mekdebiniň okuwçylary XXII Halkara Žautykow olimpiadasynda gazanan üstünlikleri üçin dabaraly ýagdaýda sylaglandy. Ýurdumyzyň zehinli mekdep okuwçylaryna Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň gymmat bahaly sowgatlary gowşuryldy. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň web sahypasy habar berýär.

 

Ýurdumyzyň okuwçylary bu abraýly halkara bäsleşiginde 1 sany altyn, 4 sany kümüş we 11 sany bürünç medala eýe boldular. Bu üstünlikler Hormatly Prezidentimiziň ýaş nesil baradaky yzygiderli aladalarynyň we watansöýüji, intellektual hem-de ruhy taýdan ösen ýaşlary kemala getirmek ugrunda alyp barýan tagallalarynyň aýdyň görkezijisidir. Şeýle üstünlikler «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan ─ bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda gazanylan ilkinji anyk netijeleridir.

 

Halkara Žautykow olimpiadasy 2005-nji ýyldan bäri Gazagystanyň Magaryf ministrliginiň “Daryn” ylmy-amaly merkeziniň guramagynda geçirilýär. Ol her ýyl fizika, matematika we informatika derslerinden geçirilip, halkara derejesine eýedir. Olimpiadanyň esasy maksady mekdep okuwçylarynyň arasynda bu ugurlary giňden öwretmek, dürli ýurtlaryň ýöriteleşdirilen orta mekdepleriniň arasynda dostlukly gatnaşyklary ösdürmek we ylmy tejribe alyşmakdan ybaratdyr.

 

Türkmenistanyň mekdep okuwçylary bu olimpiadada 2010-njy ýyldan bäri yzygiderli gatnaşýarlar we ýyl-ýyldan gazanýan üstünlikleri artýar. 2026-njy ýylyň 10-14-nji ýanwary aralygynda Gazagystanyň Almaty şäherinde geçirilen XXII Halkara Žautykow olimpiadasyna ýurdumyzdaky 28 zehinli okuwçy gatnaşdy. Olimpiadada jemi 16 döwletiň 600-den gowrak okuwçysy bäsleşdi, we Türkmenistanyň ýaşlary üstünlikli çykyş etdi.

 

Didarmuhammet MELEJÄÝEW,
 
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň mugallymy.