logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Society /Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň ilkinji taryhy saýlawlary barada
  31.03.2021
773
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň ilkinji taryhy saýlawlary barada

      Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň ilkinji taryhy saýlawlary Ahal welaýatynda giň demokratik esaslarda ýokary guramaçylykly  geçirildi. Welaýatda bu jemgyýetçilik-syýasy çärä öňünden görlen taýýarlyk işleri munuň şeýle bolmagynda uly ähmiýete eýe boldy.

      Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň  saýlawlary welaýat merkezindäki Medeniýet öýünde döredilen saýlaw uçastogynda geçirildi. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalygyna welaýatdan dalaşgärleriň 21-si gatnaşdy,  8 mandatyň her biri üçin 2-3 dalaşgär bäsleşdi.

      Welaýatda saýlaw topary bellenilen wagtda işe başlady. Saýlawçylar — welaýat halk maslahatynyň agzalary  joşgunly sungat çykyşlary astynda garşylandy. Saýlawlaryň açyklygyna hem-de aýanlygyna, kanunçylyga laýyklygyna milli saýlawçylar gözegçilik etdiler. Munuň özi ýurdumyzda milli demokratiýanyň  dabaralanmasy boldy.