logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Science and Education /Türkmenistanyň  Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti dünýä reýtingine girdi
  02.11.2022
1467
Türkmenistanyň  Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti dünýä reýtingine girdi

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti umumy 13 bal görkeziji bilen bilim, gözleg, sitirleme, önümçilik girdejileri we halkara integrasiýa ýaly bäş topar boýunça ýokary okuw mekdepleriniň dünýä reýtingine girdi.

Uniwersitetiň üç sany durnukly ösüş maksady bar. Ýagny olar: «Arzan, ygtybarly we häzirki zaman energiýa çeşmelerine elýeterliligi üpjün etmek», «Durnukly infrastrukturany döretmek, senagatlaşmagy we innowasiýalary ösdürmek» we «Global hyzmatdaşlygy güýçlendirmek» bolup durýar.

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti Türkmenistanda ýapon modeline esaslanýan okuw meýilnamasy bolan ýeke-täk okuw mekdebidir. Bu ýerde «nanomateriallar», «biotehnologiýa» we «robotika» ýaly 10 ugur boýunça hünärmenler taýýarlanylýar.