logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Sports /Türkmenistanyň para pauerlifting boýunça ýygyndysy Dünýä kubogynyň 6 medalyna eýe boldy
  14.03.2024
650
Türkmenistanyň para pauerlifting boýunça ýygyndysy Dünýä kubogynyň 6 medalyna eýe boldy

Türkmenistanyň wekilleri Dubaý şäherinde (Birleşen Arap Emirlikleri) tamamlanan para pauerlifting boýunça Dünýä kubogy ugrundaky ýaryşda medallaryň altysyny gazandylar.

 

Para pauerlifting daýanç-hereket ediş agzalary zelelli adamlar üçin sportuň paralimpiýa görnüşi bolup durýar. Türgen maşklary ýerine ýetiren wagtynda bedeniniň ýokarky böleginiň güýjüni görkezýär.

 

BAE-däki ýaryşa 32 ýurtdan mümkinçiligi çäkli türgenleriň 173-si gatnaşdy. Türgenlerimiziň üstünlikli çykyşlary guwandyryjy bolup, olar 2 altyn, 2 kümüş we 2 bürünç medallary gazandylar.

 

Türkmen para pauerliftingçileriniň Dubaýda geçirilen Dünýä kubogy ugrundaky ýaryşda gazanan üstünligi paralimpiýa ugry boýunça hem ussatlary taýýarlamak üçin giň şertleri döretmäge gönükdirilen döwlet syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň netijesidir.

 

Şamämmet ORAZGELDIÝEW,

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we 
informatika institutynyň talyby.