logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Economics /Türkmenistanyň pawilýonynyň taslamasyny düzmek we gurmak barada halkara bäsleşik yglan edildi
  24.03.2026
307
Türkmenistanyň pawilýonynyň taslamasyny düzmek we gurmak barada halkara bäsleşik yglan edildi

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi EKSPO 2027 sergisinde Türkmenistanyň pawilýonyny taslamak we gurmak boýunça halkara bäsleşigi täzeden yglan etdi. Bu sergi Belgrad şäherinde 2027-nji ýylda geçiriler.

 

“Biznes Reklama” gazetinde habar berlişi ýaly, bäsleşige gatnaşmak üçin teklipler 2026-njy ýylyň 13-nji apreline çenli, sagat 18:00-a çenli kabul edilýär.

 

Öň habar berlişi ýaly, Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer Nökerguly Atagulyýew EKSPO 2027 sergisine Türkmenistanyň ýokary derejede gatnaşmagyny üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

 

Bellenilişi ýaly, “Oýun adamzat üçin: sport we saz hemmeler üçin” diýen mowzuk bilen geçiriljek sergä taýýarlyk görülýär. Bu ugurda milli pawilýonyň gurluşyk, enjamlaşdyryş we bezeg işleri boýunça degişli çäreler alnyp barylýar.

 

Kakageldi AKMYRADOW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.