logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Politics /Türkmenistanyň Prezidenti 2023-nji ýyly mynasyp atlandyrmak üçin teklipleri öwrenmegi tabşyrdy
  10.09.2022
1001
Türkmenistanyň Prezidenti 2023-nji ýyly mynasyp atlandyrmak üçin teklipleri öwrenmegi tabşyrdy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň sekiz aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri jemlenildi, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

 

 

Mejlisiň barşynda, Türkmenistanyň Prezidenti, Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygyna we Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasaryna ýüzlenip, 2023-nji ýyly mynasyp atlandyrmak boýunça ýurdumyzyň dürli künjeklerinden, jemgyýetçilik guramalaryndan, raýatlarymyzdan we ýaşlardan gelip gowuşýan teklipleri öwrenmegiň wajypdygyna ünsi çekip, bu ugurda degişli düzümler bilen utgaşykly işiň ýola goýulmagynyň zerurdygyny nygtady.