logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Politics /Türkmenistanyň Prezidenti 2023-nji ýylyň sanly ulgam arkaly ilkinji iş maslahatyny geçirdi
  04.01.2023
969
Türkmenistanyň Prezidenti 2023-nji ýylyň sanly ulgam arkaly ilkinji iş maslahatyny geçirdi

3-nji ýanwarda, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» şygary astynda başlanan täze, 2023-nji ýylda sanly ulgam arkaly ilkinji iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň welaýatlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Döwlet Baştutanymyz hasabatlary diňläp, welaýat häkimlerine ýurdumyzyň welaýatlaryndaky möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyny, bugdaý ekilen meýdanlaryndaky ideg işleriniň agrotehnikanyň talaplaryny berk berjaý etmek arkaly alnyp barylmagy we gowaça ekiljek meýdanlary sürmek we tekizlemek, tehnikalary, gurallary abatlamak işleriniň talabalaýyk guralmagy babatda anyk tabşyryklary berdi. Şeýle hem welaýatlardaky gurluşygy alnyp barylýan medeni-durmuş maksatly desgalardaky işleriň depginlerini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.