logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Politics /Türkmenistanyň Prezidenti 21-22-nji noýabrda Birleşen Arap Emirliklerinde resmi saparda bolar
  19.11.2022
1058
Türkmenistanyň Prezidenti 21-22-nji noýabrda Birleşen Arap Emirliklerinde resmi saparda bolar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 21-22-nji noýabrda Birleşen Arap Emirliklerinde resmi saparda bolar. Bu barada, 18-nji noýabrda geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow hasabat berdi.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanynyň garamagyna öňdäki resmi saparyň maksatnamasy hödürlendi. Saparyň netijeleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine gol çekmek göz öňünde tutulýar.

Döwlet Baştutany wise-premýere, daşary işler ministrine Birleşen Arap Emirliklerine resmi sapara taýýarlyk görmegiň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.