logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Politics /Türkmenistanyň Prezidenti Ahal welaýatynyň käbir etraplarynda pagta ýygymynyň haýal alnyp barylýandygyna nägilelik bildirdi
  26.10.2022
1084
Türkmenistanyň Prezidenti Ahal welaýatynyň käbir etraplarynda pagta ýygymynyň haýal alnyp barylýandygyna nägilelik bildirdi

25-nji oktýabrda, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi.

Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanowa söz berildi. Ol işleriň ýagdaýy, hususan-da, pagta ýygymynyň depgini hem-de pagta hasylyny gysga wagtda we ýitgisiz ýygnap almak, sebitiň gowaça meýdanlarynda hereket edýän oba hojalyk tehnikalaryndan netijeli peýdalanmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýetişdirilen pagta hasylyny gysga wagtda we ýitgisiz ýygnap almagyň häzirki günüň möhüm talaby bolup durýandygyny aýdyp, bu ugurdaky işleriň welaýatyň Kaka, Sarahs, Tejen etraplarynda haýal alnyp barylýandygyna nägilelik bildirdi hem-de pagta ýygymynyň depginini güýçlendirmegi häkimden talap etdi. Döwlet Baştutanymyz bugdaý ekişi baradaky meselä ünsi çekip, bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleriniň agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda geçirilmelidigini belläp, bu babatda häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi.