logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Politics /Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentini Garaşsyzlyk güni bilen gutlady
  28.05.2022
1318
Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentini Garaşsyzlyk güni bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewe we ýurduň ähli doganlyk halkyna Azerbaýjanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

“Şu ýyllaryň dowamynda Azerbaýjan Respublikasy syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda, halkyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmakda we halkara giňişlikde ýurduň abraýyny ýokarlandyrmakda uly üstünlikleri gazandy” diýlip, hatda bellenilýär.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasyndaky hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk we özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklaryň iki halkyň röwşen geljeginiň hatyrasyna mundan beýläk-de yzygiderli ösdüriljekdigine ynam bildirip, soňky ýyllarda iki ýurduň arasyndaky özara bähbitli netijeli hyzmatdaşlygyň hil taýdan täze derejä çykandygyny kanagatlanma bilen belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Ilham Aliýewe berk jan saglyk we bagtyýarlyk, Azerbaýjanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, rowaçlyk we abadançylyk arzuw etdi.