logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Politics /Türkmenistanyň Prezidenti Bahreýn Patyşalygyna geldi
  22.02.2023
1282
Türkmenistanyň Prezidenti Bahreýn Patyşalygyna geldi

21-nji fewralda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow resmi sapar bilen Bahreýn Patyşalygyna geldi. Munuň özi Türkmenistanyň Prezidentiniň Günorta-Günbatar Aziýada ýerleşýän bu dostlukly ýurda iň ýokary döwlet wezipesinde amala aşyrýan ilkinji saparydyr.

Döwlet Baştutanymyzyň sapary mynasybetli Bahreýniň Halkara howa menzilinde Türkmenistanyň hem-de Bahreýn Patyşalygynyň Döwlet baýdaklary galdyryldy, Hormat garawuly nyzama düzüldi. Bu ýerde belent mertebeli türkmen myhmanyny ýurduň Premýer-ministriniň orunbasary we beýleki resmi adamlar, Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalary garşyladylar.

Saparyň maksatnamasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň we Bahreýniň Patyşasynyň ikiçäk duşuşygynyň hem-de giňeldilen düzümdäki gepleşikleriň geçirilmegine garaşylýar. Ýokary derejeli duşuşyklaryň jemleri boýunça gol çekiljek ikitaraplaýyn resminamalar bolsa türkmen-bahreýn hyzmatdaşlygynyň şertnama-hukuk binýadyny pugtalandyrmaga gönükdirilendir.

Ýeri gelende bellesek, iki ýurduň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1995-nji ýylyň dekabrynda ýola goýuldy. Daşary syýasat strategiýasynda arap dünýäsiniň döwletleri bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegi ileri tutýan Türkmenistan Bahreýn Patyşalygy bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda özara bähbitli gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmagy maksat edinýär.