logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Politics /Türkmenistanyň Prezidenti Bahreýniň Patyşasyny gutlady
  16.12.2022
996
Türkmenistanyň Prezidenti Bahreýniň Patyşasyny gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Bahreýniň Patyşasy Hamad bin Isa Al Halifa Bahreýn Patyşalygynyň Milli güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny ýollady.

«Türkmenistan bilen Bahreýn Patyşalygynyň arasynda ýyllaryň dowamynda emele gelen köpugurly gatnaşyklara ýokary baha berýäris» diýip, döwlet Baştutanymyz gutlag hatynda belledi hem-de hyzmatdaşlygyň iki ýurduň halklarynyň bähbitlerine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Patyşa Hamad bin Isa Al Halifa tüýs ýürekden berk jan saglyk, abadançylyk we bagtyýarlyk, Bahreýn Patyşalygynyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, rowaçlyk, gülläp ösüş arzuw etdi. 

 

TDH.