logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Politics /Türkmenistanyň Prezidenti Bangladeş Respublikasynyň ýolbaşçylaryny Garaşsyzlyk güni mynasybetli gutlady
  26.03.2022
1380
Türkmenistanyň Prezidenti Bangladeş Respublikasynyň ýolbaşçylaryny Garaşsyzlyk güni mynasybetli gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Bangladeş Halk Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Abdul Hamide, Bangladeş Halk Respublikasynyň Premýer-ministri hanym Şeýh Hasina hem-de ýurduň halkyna Bangladeş Halk Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, döwlet Baştutanymyz Prezident Mohammad Abdul Hamide, Premýer-ministr hanym Şeýh Hasina berk jan saglyk we bagtyýarlyk, Bangladeşiň halkyna bolsa parahatçylygy, mundan beýläk-de öňe gitmegi hem-de rowaçlygy arzuw etdi.