logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Politics /Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň 80 ýyllygyna bagyşlanan dabara gatnaşdy
  01.10.2025
768
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň 80 ýyllygyna bagyşlanan dabara gatnaşdy

2025-nji ýylyň 22-nji sentýabrynda Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna eden iş saparynyň dowamynda Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) döredilmeginiň 80 ýyllygyna bagyşlanan Baş Assambleýanyň ýokary derejeli mejlisine gatnaşdy.

 

Mejlisiň başynda, BMG-niň Baş Assambleýasynyň zalynda Maýkl Tilman ýolbaşçylygyndaky «Umyt üçin aýdym» atly ýaşlar horunyň, «Metropoliten» horunyň we pianinoçy Dewid Wotkinsiň çykyşlary boldy.

 

Konsert tamamlanandan soň, BMG-niň 80-nji sessiýasynyň Başlygy Annalena Berbok çykyş edip, guramanyň taryhy, häzirki zaman howplary we dünýä ýurtlarynyň bilelikde hereket etmeginiň zerurlygy barada gürrüň berdi. Soňra BMG-niň döredilmeginiň 80 ýyllygyna bagyşlanan wideofilm görkezildi.

 

Wideofilmden soň BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş çykyş edip, guramanyň taryhyndaky möhüm işleri we häzirki günki ýagdaýdaky hem hyzmatdaşlygyň möhümligini nygtady. Şeýle hem ol «Öňe gitmek üçin ýeke-täk ýol bu – bilelikde hereket etmekdir. Geliň, şu pursata mynasypdygymyzy aýdyňlyk, gaýduwsyzlyk we ynam bilen subut edeliň. Geliň, parahatçylyk wadasyny hakykata öwüreliň» diýip belledi.

 

Soňra 2021-nji ýylyň Parahatçylyk boýunça Nobel baýragynyň eýesi Mariýa Ressa çykyş edip, häzirki döwürde sanly tehnologiýalaryň adam hukuklaryna we maglumat howpsuzlygyna ýetirýän täsirleri barada aýdyp geçdi.

 

Gülşat ARTYKOWA,

Seýitnazar Seýdi adyndaky
Türkmen döwlet mugallymçylyk
institutynyň 2-nji ýyl talyby.