logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Politics /Türkmenistanyň Prezidenti Ermenistan Respublikasynyň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi
  18.08.2022
1008
Türkmenistanyň Prezidenti Ermenistan Respublikasynyň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Waagn Haçaturýana we Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri Nikol Paşinýana Ýerewan şäherindäki “Surmalu” söwda merkezinde bolup geçen partlamanyň adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getirendigi zerarly çuňňur gynanç hatyny iberdi.

 

Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan, şu agyr pursatda gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna ýürekden gynanjyny we medet beriji sözlerini, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky arzuwlaryny aýtdy.

 

Ermenistanyň “Surmalu” söwda merkezinde çarşenbe güni partlama we ýangyn boldy. Pajygaly wakada 16 adamyň aradan çykandygyny we iki adamyň dereksiz ýitendigini Ermenistanyň häkimiýetleri mälim etdi. Ejir çekenleriň hatyrasyna iki günlük ýas yglan edildi.