logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Politics /Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasyna döwlet sapary bilen bardy
  24.11.2025
694
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasyna döwlet sapary bilen bardy

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow döwlet sapary bilen Gazagystan Respublikasyna bardy. Döwlet Baştutanymyzyň 2022-nji ýylyň oktýabrynda hem Gazagystana döwlet saparyny amala aşyrandygyny bellemek gerek. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

 

Astana şäherindäki Nursultan Nazarbaýew adyndaky Halkara howa menzilinde hormatly myhmany garşylamak dabarasy geçirildi. Bu ýerde Türkmenistanyň we Gazagystanyň Döwlet baýdaklary galdyryldy, Hormat garawuly nyzama düzüldi. Prezidentimizi Gazagystanyň resmi wekilleri hem-de Türkmenistanyň Hökümetiniň agzalary mähirli garşy aldylar.

 

Saparyň maksatnamasyna laýyklykda, ertir ýokary derejeli türkmen-gazak duşuşyklarynyň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Duşuşyklaryň netijesinde birnäçe ikitaraplaýyn resminamalara gol çekiler.

 

Munuň bilen baglylykda, şu ýylyň oktýabrynda Türkmenistanyň we Gazagystanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulanyna 33 ýyl dolandygyny ýatlatmak ýerliklidir. Bu döwrüň dowamynda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlyk dürli ugurlar boýunça üstünlikli ösdürildi. Syýasy dialog ýokary derejede alnyp barylýar, taraplar BMG-niň we beýleki halkara guramalaryň çäklerinde birek-biregiň başlangyçlaryna goldaw berýärler.

 

Bu sapar ýylyň dowamynda hormatly Prezidentimiziň Gazagystana edýän üçünji saparydyr. Döwlet Baştutanymyz maý–iýun aýlarynda Astanada geçirilen “Merkezi Aziýa — Italiýa” we “Merkezi Aziýa — Hytaý” sammitlerine hem gatnaşypdy. Nobatdaky döwlet saparynyň köpugurly strategik hyzmatdaşlyga täze mümkinçilikler açmagyna garaşylýar.

 

Selbi GULMYRADOWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.