Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Samarkantda medeni çäreler geçirildi ✦ ✦ Kiberhowpsuzlyk - maglumat goraglylygyň binýady ✦ ✦ II Halkara matematika olimpiadasy dowam edýär ✦ ✦ ÝHHG-niň 50 ýyllygyna hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli forum ✦ ✦ Türkmenistan Kazanda geçiriljek “KazanForum” we “Halal Expo 2025”- e gatnaşar ✦ ✦ Ýurdumyzda II Halkara matematika olimpiadasy başlandy ✦ ✦ «AtaMekan» Terjime Merkezi: Mekdep okuwçylary we talyplar üçin ýeňillikler! ✦ ✦ "Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi" bäsleşiginiň ikinji tapgyry geçirildi ✦ ✦ Katolik dünýäsiniň ruhy lideri aradan çykdy ✦ ✦ Paýtagtymyzda sportuň milli we alyş göreşi boýunça halkara ýaryş geçiriler ✦
Baş sahypa / Syýasat /Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl duşuşygyna gatnaşdy
  27.12.2022
760
Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl duşuşygyna gatnaşdy

26-njy dekabrda, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasyna iş saparyny amala aşyryp, däp boýunça her ýyl Sankt-Peterburg şäherinde ýylyň ahyrynda geçirilýän GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl sammitine gatnaşdy.

Türkmenistanyň Prezidenti Aşgabadyň Halkara howa menzilinden uçup, Sankt-Peterburg şäheriniň «Pulkowo» Halkara howa menziline gondy.

GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl duşuşygy B.N.Ýelsin adyndaky Prezident kitaphanasynda geçirildi. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti garşylady. Iki ýurduň Liderleri birek-birek bilen mähirli salamlaşyp, bilelikde ýadygärlik surata düşdüler.

Sammite Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew, Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan, Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew hem çagyryldy.

Ýokary derejedäki duşuşyk başlamazyndan ozal, Arkalaşygyň ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň GDA gatnaşyjy ýurtlaryň Döwlet baýdaklarynyň öňünde bilelikdäki surata düşmek dabarasy boldy.

Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin resmi däl sammiti açyp, oňa gatnaşyjylary ýene bir gezek mähirli gutlady hem-de Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy ýurtlaryň Liderleriniň Täze ýylyň öň ýanynda eýýäm asylly däbe öwrülen resmi däl duşuşygyna gatnaşmak üçin Sankt-Peterburga gelmäge çakylygy kabul edendikleri üçin hoşallyk bildirdi.

Resmi däl ýagdaýda geçirilýän duşuşyk GDA döwletleriniň ýolbaşçylaryna halkara derejedäki umumy gyzyklanma bildirilýän birnäçe meseleleri, özara gatnaşyklaryň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik döretdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasyna iş saparynyň maksatnamasy tamamlanandan soňra, «Pulkowo» Halkara howa menziline bardy we şol ýerden Watanymyza ugrady.