logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Politics /Türkmenistanyň Prezidenti geljek ýylyň şygaryny we nyşanyny döretmek boýunça bäsleşigi geçirmegi tabşyrdy
  05.11.2022
1566
Türkmenistanyň Prezidenti geljek ýylyň şygaryny we nyşanyny döretmek boýunça bäsleşigi geçirmegi tabşyrdy

4-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň on aýynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, wise-premýerleriň hasabatlary diňlenildi, şeýle hem käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy we ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça ileri tutulýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mejlisiň barşynda, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa gözegçilik edýän ulgamynda şu ýylyň on aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Halkara Bitaraplyk gününe hem-de Täze ýyla bagyşlanan çärelere göwnejaý taýýarlyk görmegiň we olary ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegiň zerurdygyny aýdyp, ähli welaýat merkezlerinde, şäherlerde, obalarda baýramçylyk dabaralaryny we konsertleri, sungat ussatlarynyň çykyşlaryny guramagy, Täze ýyla çenli galan wagtyň dowamynda geljek ýylyň iň gowy şygaryny we nyşanyny döretmek boýunça bäsleşigi geçirmegi tabşyrdy.