logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Politics /Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine gynanç bildirdi
  07.09.2022
885
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine ýurduň Syçuan welaýatynda bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna, şikes ýetmelere hem-de weýrançylyklara getiren ýer titremesi zerarly gynanç hatyny iberdi.

 

 

Türkmenistanyň Prezidenti şu agyr pursatda gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna ýurdumyzyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan ýürekden gynanjyny, medet beriji sözlerini ýetirdi, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi.

 

 

Belläp geçsek, Hytaý Halk Respublikasynyň Syçuan welaýatynda 6,8 ball derejesinde ýer titremesi boldy. Hytaýyň metbugat gulluklary, bu ýer titremesinde 50-den gowrak adamyň heläk bolandygyny şeýle-de toprak süýşmesi sebäpli käbir awtoulag ýollaryna we birnäçe öýlere uly zeper ýetendigini belleýärler.