logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Politics /Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygyna gynanç bildirdi
  01.12.2022
1183
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygyna gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine we ýurduň ähli halkyna Hytaý Halk Respublikasynyň ozalky Başlygy, görnükli syýasy hem-de döwlet işgäri Szýan Szeminiň aradan çykmagy zerarly gynanç hatyny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz hatynda: «Ol durmuş-ykdysady ösüşde uly üstünlikler gazanan we halkara giňişlikde ýurduň at-abraýyny belende galdyran, maksada okgunly ýolbaşçy hökmünde hytaý halkynyň taryhyna girdi» diýip belledi.

Hormatly Prezidentimiz şu agyr pursatda merhumyň dogan-garyndaşlaryna we ýakynlaryna gynanjyny, medet beriji sözlerini beýan etdi. 

 

TDH.