logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Politics /Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygyny 70 ýaşynyň dolmagy bilen gutlady
  15.06.2023
662
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygyny 70 ýaşynyň dolmagy bilen gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine 70 ýaşynyň dolmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

«Siziň parasatly baştutanlygyňyzda Hytaý Halk Respublikasy durmuş-ykdysady ösüşde uly üstünlikleri gazandy we häzirki wagtda döwrebap sosialistik döwleti gurmak ýolunda ynamly öňe barýar» diýip, döwlet Baştutanymyz gutlag hatynda belledi.

Hemmetaraplaýyn strategik hyzmatdaşlyk häsiýetine eýe bolan, däbe öwrülen dostlukly türkmen-hytaý gatnaşyklaryny berkitmäge Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygynyň goşýan şahsy goşandyna Türkmenistanyň ýokary baha berýändigini belläp, döwlet Baştutanymyz şu ýyl Pekin we Sian şäherlerinde mundan beýläk-de hyzmatdaşlyk etmegiň esasy ugurlary babatda gazanylan ylalaşygyň durmuşa geçirilmeginiň halklarymyzyň bähbidine ikitaraplaýyn gatnaşyklary täze mazmun bilen baýlaşdyrmaga mümkinçilik berjekdigine ynam bildirdi.

Şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, ägirt uly maksatnamalary hem-de başlangyçlary durmuşa geçirmekde täze üstünlikleri, Hytaýyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk, gülläp ösüş arzuw etdi.