logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Politics /Türkmenistanyň Prezidenti  Özbegistanyň Samarkant şäherine geldi
  15.09.2022
842
Türkmenistanyň Prezidenti  Özbegistanyň Samarkant şäherine geldi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşine hormatly myhman hökmünde gatnaşmak maksady bilen, Özbegistanyň Samarkant şäherine geldi.

 

 

Ir säher bilen Türkmenistanyň Prezidentiniň uçary Samarkant şäheriniň Halkara howa menzilinde gondy. Bu ýerde Döwlet Baştutanymyzy Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministri Abdulla Aripow we beýleki resmi adamlar, şol sanda türkmen wekiliýetiniň agzalary garşyladylar.

 

 

Belläp geçsek, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň iň ýokary döwlet wezipesinde bu dostlukly ýurda amala aşyrýan ikinji saparydyr.