logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Society /Türkmenistanyň Prezidenti «Rowaç» kottejler toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy
  01.08.2022
740
Türkmenistanyň Prezidenti «Rowaç» kottejler toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

Şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary tarapyndan gurlan «Rowaç» kottejler toplumynyň açylyş dabarasy boldy. Oňa şu günden dynç alşa çykan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy.

Dabaranyň geçirilýän ýerinde döwlet Baştutanyny Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy, Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Balkan welaýatynyň häkimi hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy garşylady. Şeýle hem bu ýerde ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlary tarapyndan ýörite taýýarlanan joşgunly aýdym-sazly çykyşlar ýerine ýetirildi.

Döwlet Baştutanymyz täze gurlan «Rowaç» kottejler toplumynyň toý bagyny kesip, onuň hyzmat ediş merkezinde, kottejlerde, ýanaşyk deňiz kenarynda raýatlaryň göwnejaý dynç almagy üçin döredilen şertler bilen tanyşdy.

Belläp geçsek, «Rowaç» kottejler toplumy «Sabyrly maşgala» hususy kärhanasynyň, «Kent gurluşyk» hem-de «Güneşli deňiz» hojalyk jemgyýetleriniň buýurmalary esasynda guruldy.  Umumy meýdany 10 gektara deň bolan kottejler toplumy, häzirki zaman ülňülerine laýyk gelýän 2 gatly kottejleriň 48-sini özünde jemleýär. Toplumyň açylmagy bilen 200-e golaý täze iş orny döredi. Toplumyň çägindäki standart, maşgala we lýuks görnüşli 10, 16, 18 otagly kottejlerde dynç almaga gelýän raýatlar üçin ähli zerur mümkinçilikler göz öňünde tutulan.