logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Politics /Türkmenistanyň Prezidenti Şa zenany Ýelizaweta II gutlady
  03.06.2022
1222
Türkmenistanyň Prezidenti Şa zenany Ýelizaweta II gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmen halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Şa zenany Ýelizaweta II tagta geçmeginiň 70 ýyllygy — platina ýubileý baýramy hem-de doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi.

“Geçen ýyllaryň dowamynda Siz öňdengörüjilikli syýasatyňyz we ýadawsyz zähmetiňiz netijesinde bütin dünýäde belent abraýa eýe bolduňyz” diýlip, Gutlagda nygtalýar.

Döwlet Baştutanymyz şu ýyl Türkmenistan bilen Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygynyň bellenilýändigine ünsi çekip, Şa zenanynyň ikitaraplaýyn dostlukly gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagynda hem-de işjeňleşdirilmeginde aýratyn goşandyny belledi hem-de bu gatnaşyklaryň mundan beýläk-de yzygiderli ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow mümkinçilikden peýdalanyp, Şa zenany Ýelizaweta II berk jan saglyk we bagt, Birleşen Patyşalygyň halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk, ösüş baradaky tüýs ýürekden çykýan arzuwlaryny beýan etdi.

TDH