logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Politics /Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
  25.11.2022
972
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

24-nji noýabrda, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Maslahatda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda hem-de welaýatlarynda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleri, häzirki wagtda welaýatlardaky ekin meýdanlarynda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň depgini, hususan-da, «ak altyn» hasylyny iň soňky hanasyna çenli ýitgisiz ýygnap almak, welaýatlarda ýetişdirilen güýzlük ýeralmany, gök-bakja we beýleki oba hojalyk önümlerini ýygnap almak, sowadyjy ammarlara ýerleşdirmek şeýle hem Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli baýramçylyk dabaralaryna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdiler.