logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Politics /Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
  06.12.2022
1014
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

5-nji dekabrda, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmaklarynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň sebitlerinde alnyp barylýan oba hojalyk işleriniň barşy bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Iş maslahatynyň barşynda ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleri welaýatlarda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy, hususan-da, pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýygnap almak boýunça görülýän çäreler, Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli dabaralara taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdiler. Şeýle hem hasabatlaryň dowamynda welaýatlarda ýyladyş ulgamlarynyň kadaly işledilişiniň, elektrik energiýasy we tebigy gaz bilen üpjünçiligiň gözegçilikde saklanyşy barada aýdyldy. Mundan başga-da, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl sebitlerde açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen dürli maksatly desgalardaky işleriň barşy barada hasabat berdiler.

Döwlet Baştutanymyz hasabatlary diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň talabalaýyk alnyp barylmagynyň häzirki günüň möhüm wezipeleriniň biridigini belledi we ýetişdirilen pagta hasylyny iň soňky hanasyna çenli ýygnap almak, geljek ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlarda sürüm işlerini agrotehniki möhletlerde geçirmek, kärendeçiler bilen döwlete tabşyrylan pagta hasyly üçin hasaplaşyklary wagtynda geçirmek babatda häkimlere birnäçe tabşyryklary berdi. Mundan başga-da, welaýatlarda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli guraljak dabaralaryň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek tabşyryldy.