logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Politics /Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasyna bardy
  14.10.2022
1248
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasyna bardy

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow GDA döwlet Baştutanlarynyň geňeşiniň nobatdaky mejlisine hem-de «Merkezi Aziýa – Russiýa» Sammitine gatnaşmak üçin we döwlet sapary bilen Gazagystan Respublikasyna ugrady. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar ugratdylar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň uçary Astana çenli uçuşy amala aşyryp, Gazagystan Respublikasynyň paýtagtynyň Nursultan Nazarbaýew adyndaky Halkara howa menziline gondy. Şol ýerde iki ýurduň Döwlet baýdaklary galdyryldy.

Uçaryň öňünde belent mertebeli myhmany goňşy döwletiň resmi adamlary mähirli garşyladylar, myhmansöýerligiň asylly däbine görä, döwlet Baştutanymyza gül desseleri gowşuryldy.