logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Politics /Türkmenistanyň Prezidenti «Soňky jaň» dabarasynyň guramaçylykly geçirilmelidigini belledi
  23.05.2023
1041
Türkmenistanyň Prezidenti «Soňky jaň» dabarasynyň guramaçylykly geçirilmelidigini belledi

22-nji maýda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy.

Hormatly Prezidentimiz iş maslahatynyň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň hasabatyny diňledi we şu günler dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehniki möhletlerde we ýokary hilli geçirilmeginiň möhümdigine ünsi çekdi.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz häkimlere şu ýylyň pagta hasyly üçin gowaça ekilen meýdanlarda, bugdaý meýdanlarynda ýerine ýetirilýän ideg işleriniň depgininiň ýokarlandyrylmagy, galla oragyna ýokary guramaçylyk derejesinde taýýarlyk görülmegi babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy, welaýatlarda «Soňky jaň» dabarasynyň guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmegi häkimlere tabşyrdy.