logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Culture /Türkmenistanyň Prezidenti täze nagyşlary we gölleri döretmelidigine ünsi çekdi
  11.02.2023
2115
Türkmenistanyň Prezidenti täze nagyşlary we gölleri döretmelidigine ünsi çekdi

10-njy fewralda, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda 2022-nji ýylda ýurdumyzyň ykdysadyýetini ösdürmek boýunça alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi. Wise-premýerleriň, aýry-aýry ministrlikleriň ýolbaşçylarynyň, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň hasabatlary diňlenildi. Şeýle-de ýolbaşçylary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak meselelerine seredildi, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça şu ýylda öňde durýan wezipeler kesgitlenildi.

Giňişleýin mejlise Türkmenistanyň Mejlisiniň ýolbaşçylary, welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimleri, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary we beýlekiler çagyryldy.

Mejlisiň barşynda, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew söwda we dokma senagaty toplumynyň ministrlikleriniň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, telekeçilik ulgamynyň 2022-nji ýyldaky işleriniň netijeleri barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, dokma senagatynyň kuwwatlyklaryny artdyrmak, döwrebaplaşdyrmak, täze dokma önümlerini içerki we daşarky bazarlara ýerlemek hem-de ibermek boýunça işleri dowam etdirmegiň zerurdygyny belledi. El halyçylyk pudagyny ösdürmek we öndürilýän haly önümleriniň görnüşini köpeltmek, täze nagyşlary, gölleri döretmek, gadymy türkmen göllerini dikeltmek boýunça işleri dowam etdirmegiň möhümdigine üns çekildi. Ilatyň sarp edýän harytlaryny içerki bazarlarda elýeterli bahalardan üpjün etmegi gazanmak esasy wezipeleriň hatarynda görkezildi.

Ýurdumyzda hususy bölegiň ösdürilmegine hem aýratyn üns berilýär diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi we şu günki günde döwlete dahylsyz pudak tarapyndan import edilýän harytlaryň ornuny tutýan we eksporta gönükdirilen önümleriň öndürilýändigini kanagatlanma bilen belledi. Milli ykdysadyýetimiziň mundan beýläk-de durnukly ösmegi hususy tarapyň işjeňleşmegi bilen bagly bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda hususy bölegiň işini giňeltmek boýunça işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.