logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Politics /Türkmenistanyň Prezidenti TNGIZT-niň kärhanalaryny tehniki taýdan döwrebaplaşdyrmak boýunça işi dowam etdirmegi tabşyrdy
  26.11.2022
1011
Türkmenistanyň Prezidenti TNGIZT-niň kärhanalaryny tehniki taýdan döwrebaplaşdyrmak boýunça işi dowam etdirmegi tabşyrdy

25-nji noýabrda, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda resminamalaryň taýýarlanan taslamalaryna garaldy, şeýle-de käbir möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mejlisiň barşynda, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow «Türkmengaz» döwlet konserniniň gaz generatorlaryny düýpli abatlamak barada şertnama baglaşmagy hakynda» Kararyň taslamasy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, «Döwletabat-3» hem-de «Döwletabat-2A» gazy gysyjy desgalarynda ornaşdyrylan gaz generatorlaryny zawod şertlerinde düýpli abatlamak işlerini geçirmek barada şertnama baglaşmak göz öňünde tutulýar. Munuň özi «Döwletabat» gaz käninden çykarylýan tebigy gazy içerki sarp edijilere hem-de daşarky bazarlara bökdençsiz we ygtybarly ibermäge ýardam eder. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli resminamanyň taslamasy hödürlenildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň geljegi uly pudaklarynyň biri bolan nebithimiýa senagatyny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmagyň we diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň wajypdygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz degişli Karara gol çekip, ony wise-premýere sanly ulgam arkaly iberdi we birnäçe tabşyryklary berdi.