logo

Soňky täzelikler:
✦ Bitaraplyk — türkmen halkynyň synmaz ýoly ✦ ✦ Dil bilen dünýäni gezer ✦ ✦ Ýaşlar — Watanymyzyň geljegi ✦ ✦ Bilim bermekde okuwçynyň pikirleniş ukybyny ösdürmek möhümdir ✦ ✦ Garabogaz - Gazagystan serhetýaka awtomobil ýolunyň 44 kilometrlik bölegi açyldy ✦ ✦ Daşoguzda ýylda 700 müň tonna azotly dökün öndürjek toplum gurlar ✦ ✦ Daşoguzda pagta çigidini gaýtadan işleýän täze kärhana gurlar ✦ ✦ Aşgabat - Daşoguz awtomobil ýoly täze tapgyrda ulanylmaga beriler ✦ ✦ Daşoguz welaýatynda ulag we senagat ösüşiniň täze taslamalaryna badalga berildi ✦ ✦ Ykdysadyýetiň görnüşleriniň ösüşi ✦
Baş sahypa / Syýasat /Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň Prezidentini gutlady
  29.10.2022
968
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana we doganlyk türk halkyna ýurduň milli baýramy — Türkiýe Respublikasynyň güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.

«Siziň parasatly baştutanlygyňyzda Türkiýe Respublikasy döwlet esaslaryny berkitmekde, halkyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmakda we ýurduň halkara giňişlikdäki abraýyny ýokarlandyrmakda uly üstünlikleri gazandy» diýlip, gutlag hatynda bellenilýär. Döwlet Baştutanymyz: «Biz Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky doganlyk gatnaşyklara ýokary baha berýäris» diýip nygtady we bu gatnaşyklaryň iki ýurduň halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Rejep Taýyp Ärdogana berk jan saglyk, bagtyýarlyk, jogapkärli döwlet işinde üstünlik, Türkiýe Respublikasynyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, rowaçlyk, abadançylyk arzuw etdi.

 

TDH.