logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Society /Türkmenistanyň Prezidenti we Gahryman Arkadagymyz Yzgant obasynda agzaçar sadakasyny berdiler
  15.04.2022
979
Türkmenistanyň Prezidenti we Gahryman Arkadagymyz Yzgant obasynda agzaçar sadakasyny berdiler

Şu gün Gökdepe etrabynyň Yzgant obasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hem-de Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Mälikguly Berdimuhamet oglunyň belli gününiň öň ýanynda agzaçar sadakasyny berdiler.

Mälim bolşy ýaly, Mübärek Remezan aýynda agzaçar sadakasyny bermek paýhasly pederlerimizden miras galan ýagşy dessurlaryň biri bolup durýar. 

Agzaçar wagty golaýlaberende, hajy Arkadagymyz hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen bilelikde mähriban pederleriniň baky aram tapan ýerine geldiler. Türkmenistanyň müftüsi tebärek çykyp berenden soň, agzaçar sadakasyna gatnaşyjylara nahar çekildi. Nahardan soň, aýat-töwir okalyp, berlen agzaçar sadakasynyň Allatagalanyň dergähinde kabul bolmagy dileg edildi.

Agzaçar sadakasy Yzgant obasynyň Abyl işan gonamçylygynyň ýanyndaky ýörite taýýarlanan ýerde berildi.