logo

Latest news:
✦ Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda golýazmalary öwrenmek boýunça ylmy hyzmatdaşlyk başlandy ✦ ✦ Dünýädäki iň döwrebap robot haýsy? ✦ ✦ TOHU-da ykdysadyýet ugrunda möhüm meseleler boýunça pikir alyşma duşuşygy geçirildi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 109-njy maslahatyna gatnaşdy ✦ ✦ Saglygy goraýyş ulgamynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy ösdürilýär ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti «Energoprom-2026» halkara forumyna gatnaşdy ✦ ✦ Azat Annadurdyýew: Sanly arheologiýa uly mümkinçilikleri açýar ✦ ✦ Kompýuter tehnologiýasynyň ösüşi ✦ ✦ Talyplar we ýaş telekeçiler eksport boýunça amaly maslahatlar aldy ✦ ✦ TOHU-da ýaşlaryň marketing bilimini artdyrmak üçin açyk sapak guraldy ✦
Home / Politics /Türkmenistanyň Prezidenti ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak boýunça degişli çäreleriň görülmelidigini belledi!
  04.05.2023
922
Türkmenistanyň Prezidenti ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak boýunça degişli çäreleriň görülmelidigini belledi!

3-nji maýda Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralarda şu ýylyň dört aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri jemlenildi. Mejlisiň gün tertibine Garaşsyz döwletimizde howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen bagly meseleler hem girizildi.

Mejlisiň barşynda, Türkmenistanyň Içeri işler ministri M.Hydyrow şu ýylyň dört aýynda geçirilen işleriň jemleri, garamagyndaky düzümlerde öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmagyň barşy barada hasabat berdi. Şunuň bilen birlikde, ýurdumyzda jemgyýetçilik-hukuk tertibini üpjün etmek, hukuk bozulmalarynyň öňüni almak, paýtagtymyzda we welaýatlarda ýangyn howpsuzlyk kadalaryny berjaý etmek, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak boýunça amala aşyrylan işler barada habar berildi. Şeýle hem düzümiň işgärleriniň netijeli gulluk etmegi we mynasyp durmuşy üçin döredilýän şertler, şol sanda ýylyň başyndan bäri ulanmaga berlen degişli desgalar barada hasabat berildi.

Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, içeri işler edaralarynyň ulgamyny ösdürmegiň maksatnamasynyň durmuşa geçirilişini hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Döwletimizde kanunylygy hem-de hukuk tertibini üpjün etmek, dürli görnüşli hukuk bozulmalarynyň, şol sanda ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak boýunça talabalaýyk çäreleriň görülmeginiň möhümdigi bellenildi. Ähli ýerlerde ýangyna garşy düzgüniň berjaý edilişi hem-de kärhanalarda, edaralarda degişli çäreleri geçirmek babatda aýratyn tabşyryklar berildi. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy IIM-niň ýolbaşçysyna bu düzümiň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak bilen baglanyşykly birnäçe tabşyryklary berdi.