logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Society /Türkmenistanyň Prezidentiniň «Abadançylygyň röwşen gadamlary» atly kitabynyň iňlis we rus dillerinde tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
  14.03.2022
840
Türkmenistanyň Prezidentiniň «Abadançylygyň röwşen gadamlary» atly kitabynyň iňlis we rus dillerinde tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mejlisler zalynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Abadançylygyň röwşen gadamlary» atly kitabynyň iňlis we rus dillerinde tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

Çärä ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, professor-mugallymlary we talyplary, Türkmenistandaky diplomatik edaralaryň we halkara guramalarynyň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we işgärleri, ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Dabarany Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow açdy. Raşid Meredow öz çykyşdynda Türkmenistanyp Prezidentiniň çuň mazmunly suratlar bilen baýlaşdyrylan kitabynda Watanymyzyň häzirki zaman taryhyna çuň akyl ýetirilmeleriň, onuň ösüşiniň ileri tutulýan ugurlarynyň öz beýanyny tapýandygyny belledi.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory J.Gurbangeldiýew, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň rektory E.Aýdogdyýew, D.Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň rektory M.Kulyýewa we beýlekiler hem öz çykyşlaryny beýan etdiler.