logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Politics /Türkmenistanyň Prezidentiniň doglan güni mynasybetli gutlag hatlar gelip gowuşýar
  22.09.2022
919
Türkmenistanyň Prezidentiniň doglan güni mynasybetli gutlag hatlar gelip gowuşýar

Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna doglan güni mynasybetli gutlag hatlar gelip gowuşýar. 


Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si SZINPIN, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat MIRZIÝOÝEW, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr ŽAPAROW, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim RAISI, Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Gahrymany, tälimçi, kosmonawt-synagçy, “Roskosmos” korporasiýasynyň kosmonawtlar toparynyň serkerdesi Oleg KONONENKO gutlag hatlaryny ugradypdyrlar.


Bu gutlag hatlarynda Türkmenistanyň Prezidentine berk jan saglyk, maşgala abadançylygy, jogapkärli döwlet işlerinde täze üstünlikler, Türkmen halkyna bolsa parahatçylyk, ösüş we abadançylyk arzuw edilýär. 


Ýeri gelende belläp geçsek Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedow 1981-nji ýylyň 22-nji sentýabrynda Aşgabat şäherinde doguldy.