logo

Latest news:
✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦ ✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦
Home / Politics /Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken resminamalary
  29.04.2023
1019
Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken resminamalary

Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň öňünde durýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek, ahalteke bedewleriniň şan-şöhratyny mundan beýläk-de dünýä ýaýmak we atşynaslyk sungatyny ösdürmek hem-de Ýer ýüzünde atşynaslaryň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmek, assosiasiýanyň agzalarynyň sanyny artdyrmak, bu ugurda öňdebaryjy tejribeleri atçylyk pudagyna giňden ornaşdyrmak maksady bilen, şeýle hem assosiasiýanyň Müdiriýetiniň teswirnamasyna laýyklykda, assosiasiýanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Kararlara gol çekdi. Resminamalara laýyklykda:

— Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzalygyna daşary ýurtlaryň degişli raýatlaryny kabul etmek;

— Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzalygyna Türkmenistanyň degişli raýatlaryny kabul etmek;

— Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň ХIV mejlisini 2024-nji ýylyň aprel aýynda Aşgabat şäherinde geçirmek bellenildi.

*  *  *

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ilatyň ruhy we beden taýdan sagdynlygyny gazanmak, raýatlaryň saglyk ýagdaýyny has-da gowulandyrmak, abadançylygyny ýokarlandyrmak we adam ömrüniň dowamlylygyny artdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, «Türkmenistanda ilatyň saglyk abadançylygyny üpjün etmek boýunça 2023 — 2028-nji ýyllar üçin Milli maksatnama», şu Maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy tassyklanyldy, şeýle hem Milli maksatnamany amala aşyrmak boýunça pudagara utgaşdyryjy topar döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy.

Degişli ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimliklerine Maksatnamanyň amala aşyrylmagyny üpjün etmek tabşyryldy.

 

TDH.