logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Politics /Türkmenistanyň Prezidentiniň «Merkezi Aziýa — Hytaý» sammitine gatnaşmagyna garaşylýar!
  16.05.2023
833
Türkmenistanyň Prezidentiniň «Merkezi Aziýa — Hytaý» sammitine gatnaşmagyna garaşylýar!

18-19-njy maýda Hytaýyň Sian şäherinde «Merkezi Aziýa — Hytaý» sammiti geçiriler. Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň çakylygy boýunça bu ýokary derejeli duşuşyga hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hem gatnaşmagyna garaşylýar.

Mälim bolşy ýaly, 13-nji maýda ýurdumyza sapar bilen gelen Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygynyň ýörite wekili, HHR-iň daşary işler ministriniň birinji orunbasary Ma Çžaosýuý döwlet Baştutanymyza HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň 18-19-njy maýda geçiriljek «Merkezi Aziýa — Hytaý» sammitine gatnaşmaga iberen çakylygyny gowşurypdy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň bu sammite gatnaşmak üçin Hytaýa gelmegine sabyrsyzlyk bilen garaşylýandygy aýdyldy.

Hytaýyň resmi habar beriş serişdeleri Şensi welaýatynyň edara ediş merkezi bolan Sian şäherinde HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň başlyklygynda geçiriljek ýokary derejeli duşuşyga Merkezi Aziýa döwletleriniň bäşisiniň Liderleriniň gatnaşjakdygyny mälim edýär. Sammitiň dowamynda Hytaý bilen sebitiň ýurtlarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy, döwletara derejede hereket edýän mehanizmleriň ösüşi bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşylar. Duşuşygyň jemleri boýunça bilelikdäki möhüm syýasy resminama gol çekiler.