Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ II Halkara matematika olimpiadasy dowam edýär ✦ ✦ ÝHHG-niň 50 ýyllygyna hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli forum ✦ ✦ Türkmenistan Kazanda geçiriljek “KazanForum” we “Halal Expo 2025”- e gatnaşar ✦ ✦ Ýurdumyzda II Halkara matematika olimpiadasy başlandy ✦ ✦ «AtaMekan» Terjime Merkezi: Mekdep okuwçylary we talyplar üçin ýeňillikler! ✦ ✦ "Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi" bäsleşiginiň ikinji tapgyry geçirildi ✦ ✦ Katolik dünýäsiniň ruhy lideri aradan çykdy ✦ ✦ Paýtagtymyzda sportuň milli we alyş göreşi boýunça halkara ýaryş geçiriler ✦ ✦ Türkmenistan “TEIF 2025” forumynda maýa goýum mümkinçiliklerini tanyşdyrar ✦ ✦ Kiýewde Magtymguly muzeýiniň 50 ýyllygy dabaraly ýagdaýda bellenildi ✦
Baş sahypa / Syýasat /Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
  30.07.2022
547
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY

Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY B.H.Goçmollaýew hakynda

Begenç Hojagulyýewiç Goçmollaýewi Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri wezipesine belläp, ony Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministriniň orunbasary wezipesinden boşatmaly.

Türkmenistanyň Prezidenti

Serdar BERDIMUHAMEDOW.

Aşgabat şäheri, 2022-nji ýylyň 29-njy iýuly.

* * *

Begenç Hojagulyýewiç Goçmollaýew

1979-njy ýylda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Garadamak obasynda doguldy. Bilimi ýokary. 2000-nji ýylda Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutyny tamamlady. 2011-nji ýylda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň diňleýjisi. Hünäri boýunça ykdysatçy-menejer.

Zähmet ýoluna 2000-nji ýylda Türkmenistanyň Galla önümleri ministrliginiň “Aşgabatçörek” önümçilik birleşiginde ykdysatçy wezipesinde başlady. 2001 — 2005-nji ýyllarda “Türkmenbaşy” döwlet täjirçilik bankynda ykdysatçy, baş hünärmen wezipelerinde işledi. 2006-njy ýylda Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrabynyň ýaşaýyş-jemagat hojalygy ulgamynda dürli wezipelerde işledi. 2007 — 2011-nji ýyllarda Aşgabat şäher häkimliginiň Tehniki tükelleýiş edarasynda hünärmen wezipesinde işledi. 2011 — 2016-njy ýyllarda “Türkmenbaşy” döwlet täjirçilik bankynyň düzüminde dürli wezipelerde işledi.

2016-njy ýylda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň söwda we telekeçiligi goldamak bölüminde esasy hünärmen, 2016 — 2018-nji ýyllarda Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministriniň orunbasary.

2018 — 2020-nji ýyllarda Aşgabat şäher bazarlar birleşiginiň baş direktorynyň orunbasary, Döwlet söwda gözegçiligi gullugynyň başlygynyň orunbasary wezipelerinde işledi.

2020-2021-nji ýyllarda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň söwda we dokma senagaty pudaklarynda ykdysadyýet we sanly tehnologiýalar bölüminiň müdiri.

2021-nji ýylda Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministriniň orunbasary wezipesine bellenildi.

2022-nji ýylda Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji.